Русский Дом в Ашхабаде

@asgabatrus · education · Russian · active

Subscribers 3.3K Subscribers, last 30 days: 3.3K → 3.3K +10 24h
Reach per post (ERR) 22.9%748 avg views
Posting 1.2/day last 2 days ago
Reactions per 1K views 13.1 ❤ 🔥 👍

🇷🇺🇹🇲🇷🇺🇹🇲🇷🇺🇹🇲 📣 «Dogruçyl garaýyş» — daşary ýurtly žurnalistler we blogerler üçin halkara media baýragy 2026-njy ýylyň 15-nji awgustynda daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat taslamalarynyň V Halkara bäsleşigi — «Dogruçyl garaýyş» Media baýragyna gatnaşmak üçin arza kabul edişligi başlandy. Bäsleşigiň maksady Russiýa bilen ynsanperwer, medeni, durmuş we ykdysady hyzmatdaşlyga bagyşlanan daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, žurnalistleriň, awtorlaryň we blogerleriň iň gowy maglumat taslamalaryny ýüze çykarmak we goldamakdan ybarat. ℹ️ Kim ýeňiş üçin dalaş edip biler Bäsleşige halkara dialogyň ösdürilmegine we ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen hünär işini alyp barýan daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň redaksiýalary, garaşsyz žurnalistler, awtorlar we blogerler gatnaşyp bilerler. Bäsleşik işlerine Ekspertler geňeşi we eminler topary baha berer. Olaryň düzümine Russiýanyň we daşary ýurtlaryň abraýly media jemgyýetleriniň wekilleri, şeýle hem halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça hünärmenler girer. «Dogruçyl garaýyş» Media baýragyna nähili gatnaşmaly 1️⃣ Media baýragynyň resmi saýtyna giriň https://honest-view.com/. 2️⃣ Degişli nominasiýany saýlap, arza dolduryň. 3️⃣ Media baýragynyň düzgünlerinde görkezilen talaplara laýyklykda bäsleşik materiallaryny goşuň. 2026-njy ýylyň bäsleşiginiň nominasiýalary 🔹 Gran-pri «Russiýany obýektiw beýan etmäge goşan goşandy üçin»; 🔹 «Ykdysady we durmuş hyzmatdaşlygy baradaky iň gowy material»; 🔹 «Medeniýet we däp-dessurlar: daşary ýurtdan garaýyş»; 🔹 «Hünär garaýşy: žurnalistikanyň žanrlary»; 🔹 «Täze ses: ýaş žurnalistiň iň gowy materialy»; 🔹 «Digital-ykrar: sosial ulgamlarda Russiýa baradaky iň gowy taslama». ✉️ Bäsleşige gatnaşmak üçin 2026-njy ýylyň 15-nji awgustyndan 4-nji oktýabryna çenli arza tabşyryp bolýar: https://honest-view.com/#apply ⚠️ 2025-nji ýylyň 26-njy noýabryndan 2026-njy ýylyň 4-nji oktýabryna çenli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýa-da sosial ulgamlarda çap edilen materiallar bäsleşige kabul edilýär. 🔝 Bäsleşigiň jemleri 2026-njy ýylyň noýabrynda jemlener. Finalçylar we ýeňijiler okuw maksatly media mekdebine we baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Moskwa çagyrylar.

Views over time

020040060024 Aug 13:0611 Nov 13:4563024 Aug 13:06: 0 views11 Nov 13:45: 630 views
Snapshots we took after posting.
WhenViews
24 Aug 2026, 13:060
11 Nov 2026, 13:45630

Who shared this post

Posts in other channels we index that link to this one. (Forwards with a hidden source can't be traced.)

Nobody yet.